icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

14 fewral 2025

2104

Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Ilçihanasy Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň « Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre gurady.

Oňa diplomatlar, Patyşalykda ýaşaýan türkmen diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler barada habar berdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan öňe sürlen «Dialog parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara derejesindäki Türkmenistanyň täze başlangyçlary bilen tanyşdyryldylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi