icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 iýun 2017

330

Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň her ýyllyk okuw maksatnamasyna laýyklykda guralýan okuw geçirildi

2017-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda Aşgabatda Halkara nebitgaz uniwersitetinde Energetika Hartiýasynyň her ýyllyk okuw maksatnamasyna laýyklykda okuwlar guraldy. Okuwlaryň çarçuwasynda 4 sessiýa geçirildi:

  1. Gazyň ornuna aýratyn üns berip, 2030-njy ýyla çenli Ýewraziýa energetika howpsuzlygynyň esasy wehmleri: nähili sazlaşdyrmaly, nämelere garaşmaly?:
  2. 2030-njy ýyla çenli Ýewraziýa energetika howpsuzlygy babatda nebiti öndürmegiň adaty we adaty däl usullarynyň geljegi:
  3. Gazyň we nebitiň iberilişiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen maýa goýumlaryny çekmek we olaryň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak:
  4. Halkara energetika bazarlarynda SPG-niň ep-esli möçberde peýda bolmagy: gazy ibermegiň däp bolan ulgamyna täsiri nähili?

Energetika Hartiýasynyň okuw maksatnamasynyň lektorlary Sankt-Peterburgdaky Ýewropa Uniwersitetiniň Energetika syýasaty we energetika hukugy boýunça mugallymy Jek Şarpls, Ankaradaky «EPPEN» energetiki barlaglar institutynyň ýerine ýetiriji direktory Wolkan Özdemir, Gündogar Finlýandiýa Uniwersitetiniň dosenti Andreý Belyý, Moskwadaky Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Energetiki barlaglar institutynyň energetika sektorynyň analitigi Irina Mironowa, Energetika howpsuzlygy boýunça dialog merkeziniň dolandyryjy direktory (Kaliforniýa, ABŞ), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça öňki uly geňeşçisi Riçard Willer boldular.

Okuwyň çäginde energetika ulgamynyň aýratyn meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan başga interaktiw-toparlaýyn sapak we gepleşikleri oýun görnüşinde modelirlemek sapaklary we milli energetika strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi