icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

14 mart 2025

2174

Türkmenistanyň wekiliýeti Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Wenadaky edarasynda geçirilen Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy.

Sessiýa agza döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ählumumy neşe syýasaty, halkara hyzmatdaşlygy we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek strategiýalary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň neşe bilen baglanyşykly meselelere garşy göreşmek we hukuk goraýjy çäreler bilen jemgyýetçilik saglygy goraýyş çäreleriniň arasynda deňagramly çemeleşmäni ilerletmek ugrundaky tagallalaryny tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmäge we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit we halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, wekiliýet ugurdaş çärelere gatnaşdy. Olaryň dowamynda halkara kärdeşler bilen öňdebaryjy tejribe alyşyldy we ählumumy neşe syýasatyny güýçlendirmek üçin innowasion çemeleşmeler öwrenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi