icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

17 mart 2025

2492

Singapurda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji martynda Singapurda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi.

Çärä Singapur Respublikasynyň Daşary işler, ulag, söwda we senagat ministrlikleriniň, Singapuryň hyzmatdaşlyk agentliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdyýew ýylyň dowamynda ýurdumyzda wajyp ähmiýetli syýasy-diplomatik, ykdysady, şeýle hem medeni çäreleriň geçiriljekdigi barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýokary derejedäki çärelere ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekildi.

Brifingde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen döwletimizde amala aşyrylýan iri maksatnamalar we taslamalar, şeýle hem Türkmenistanyň şu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga syn berlip, indiki ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellemäge  taýýarlyk görmegiň çäklerinde birnäçe teklipler beýan edildi.

***

Türkmenistanyň Ilçisi B.Durdyýewiň Singapur Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň edarasynyň, Daşary işler, Ulag, Söwda we senagat ministrlikleriniň ýokary wezipeli resmi wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen-singapur gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran meseleler, hususan-da ýokary derejedäki saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek, parlamentara we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek we medeni alyşmalary işjeňleşdirmek ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi