icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

24 mart 2025

2758

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli medeni çäre geçirdi

2025-nji ýylyň 18-21-nji marty aralygynda Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli Ukrainadaky türkmen talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Kiýewdäki Ilçihanasynyň wekilleri medeni çäräni – görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularynyň çeper okalyşyny geçirdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgy eserleri okaldy. Bu şygyrlar Garaşsyz ýurdumyzyň parahatçylyk, bitaraplyk we dost-doganlyk ýörelgelerine, umumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän başlangyçlara we ähliumumy adamzat gymmatlyklaryna esaslanýar.

Medeni çäräniň çäklerinde görnükli, nusgawy türkmen şahyrywe akyldary  Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusyny dünýäniň dürli dillerinde çeper okamaga aýratyn üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň” esasyny düzýän halklaryň arasyndaky dost-doganlygy we medeni dialogy berkitmegiň, parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini öňe sürmegiň möhümdigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi