2025-nji ýylyň 26-njy martynda Ermenistanyň paýtagtynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, toparyň türkmen böleginiň ýolbaşçysy Batyr Amanow ýolbaşçylyk etdi. Ermeni tarapyna Ermenistan Respublikasynyň Territorial dolandyryş we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan wekilçilik etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi barada jikme-jik pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, bilim ugurlaryndaky, medeniýet we syýahatçylyk, oba hojalygy we ulag, gurluşyk-binagärlik we dokma senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Maliýe-ykdysady, bilim, medeniýet we maglumat ugurlarynda şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn seredildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklyklary jemleýän we Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljekki ädimleri kesgitleýän teswirnama gol çekildi.