icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 iýun 2017

322

Brýusselde Strategiýa boýunça toparynyň mejlisi geçirildi

Halkara Energetika Hartiýasynyň Strategiýa boýunça toparynyň mejlisi    2017-nji ýylyň 7-8-nji iýuny aralygynda Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynda (EHS) Brýusselde geçirildi. Mejlisiň birinji güni syýasat we bazar dolanşygy boýunça energetika gepleşiklerine bagyşlandy, ikinji günüň dowamynda Guramanyň ugrukmalaryna we hereket etmegine bagyşlanan meselelerine garaldy.

Energetika gepleşigi Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň häzirki, geçen we boljak döwürlerdäki ýurtlarynyň (Türkmenistan, Ýaponiýa we Rumyniýa) ýokary derejeli wekilleri Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary j-p Batyr Aşyrow, Ýaponiýanyň ÝB-däki Ilçisi j-p Kadzuo Kodama, Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň energetika syýasaty boýunça Baş direktory h-m Ýelena Popesku tarapyndan açyldy.

Soňra dürli nukdaýnazarlaryna degişli energetika sektoryny dolandyrmaga degişli üç sany sessiýalar geçirildi. Serbiýa we Pakistan (goşulýan döwletler), Gwatemala, Nigeriýa we Eýran (synçy döwletler) barada hasabatlar berildi, Afrikadan, Karib basseýninden we Ýuwaş umman sebitinden, merkezi afrikan ýurtlarynyň ykdysady jemgyýetleriniň (ECCAS - synçy gurama), Energetikanyň Ýewropa dolandyryjylarynyň geňeşiniň (CEER), Energetikanyň Ortaýer deňiziniň dolandyryjylarynyň (MEDREG) tebigy gazyň çygryny sebitleýin, milli we global derejelerde öz içine alýan maslahat beriji senagat toparynyň sebitleýin çemeleşmeleri bilen tanyşdyryldy.

Energetika gepleşikleriniň çäginde Baş direktor professor Eli Džider Bala tarapyndan Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň we Nigeriýanyň Energetika toparynyň arasynda Özaradüşünişmek barada Ähtnamasyna gol çekildi. Mundan başga-da Strategiýa boýunça topary Türkmenistanyň 2017-nji ýylda başlyklyk etmegine göz gezdirip, Halkara Energetika Hartiýasynyň Strategiki kommunikasiýalary, 2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda çap edilen UNCTAD dünýä maýa goýumlary hasabatyna, şeýle hem Energetika Hartiýasynyň işini geljekde  kämilleşdirmek üçin halkara maýa goýumlaryndaky täze çemeleşmelerine garadylar. Mundan başga-da utgaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, maglumat-wagz işini giňeltmek, energetika çygrynda maýa goýum töwekgelçiligini bahalandyrmak boýunça taslamanyň neşir edilmegi, energetika diplomatiýasy barada täze başlangyç, şeýle hem Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumynyň köptaraplaýyn üstaşyr ylalaşygy netijesine eltmegi barada maglumat berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi