icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

10 aprel 2025

1807

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre guraldy

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzstandaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre gurady.

Maksatnamanyň çäginde mugallymlaryň, talyplaryň we akademiki jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň güni geçirildi.

Geçirilen okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda gazanan üstünlikleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça ýurduň halkara guramalarynyň çäginde öňe süren başlangyçlary barada gürrüň berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilen çärelere aýratyn üns berildi.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistan barada wideo görkezildi we ýurduň medeni-taryhy mirasyny açyp görkezýän tematiki sergi guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi