icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

10 aprel 2025

2118

Tbilisi şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Gruziýanyň KHBS-iň wekilleri üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow ýygnanlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasy ugrunyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýandygyny belledi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl” hem-de “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamalaryň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ilçi Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, ysnyşykly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi berkitmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygyny aýratyn nygtady.

Brifingiň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň jemleri dogrusynda hem aýdyldy. Ýokary derejeli saparlaryň türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde wajyp orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Ilçi KHBS-iň wekillerine “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri barada maglumat berdi.

Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi