icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

12 aprel 2025

3295

Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Nýu-Delide okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda talyplara 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýurtda geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň görnükli söz ussadynyň mirasynyň, onuň dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň, şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan çäreleriň giňden beýan edilýän “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar kitabyň şahyryň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň örän gymmatly açary boljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi