2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni, şeýle-de Magtymguly kitaphanasynyň muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli medeni-bilim çäresi geçirildi.
Bu çärä diplomatlar, Magtymguly adyndaky kitaphananyň işgärleri we okyjylary, Kiýew şäherindäki 281-nji mekdebiň mugallymlary we okuwçylary, türkmen ýaşlary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy: Beýik ýüpek ýolunyň ajaýyp ýerlerine syýahat” atly tanyşdyrylyş dabarada gadymy siwilizasiýalary birleşdiren we türkmen medeniýetiniň dörän özboluşly kerwen ýollary, dürli taryhy-medeni we arheologik ýadygärlikler, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň taryhy, şeýle-de beýleki döwlet taryhy-medeni goraghanalar barada aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin ýadygärlikleriň sanyny köpeltmek babatda gurama bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alyp barmak boýunça tagallalary barada bellenip geçildi.
Ilçihananyň diplomatlary kitaphananyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini Magtymguly muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy bilen gutladylar hem-de muzeýiň we kitaphananyň işiniň türkmen halkynyň medeni mirasyny we ajaýyp şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmekde uly orna eýedigini nygtadylar.
Surat sergisiniň çäklerinde wideoşekiller görnüşde gadymy binagärlik ýadygärlikleri we beýleki milli gymmatlyklar görkezildi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamasyna aýratyn üns çekildi.
Magtymguly adyndaky kitaphananyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýuliýa Lopata gatnaşyjylara muzeýiň döredilmeginiň taryhy we onuň ýarym asyryň dowamynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň medeniýetleriniň arasyndaky dialogy ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen kitaphananyň we muzeýiň gaznalarynyň üstüniň türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we onuň ruhy däpleriniň özboluşly nusgalary bilen doldurylandygy üçin aýratyn minnetdarlygyny bildirdi.