2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Afýon-Karahisar şäheriniň Söwda-senagat palatalary we biržalar bileleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistan we Türkiýe: häzirki zaman ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary» atly işewürlik forumy guraldy.
Bu çärä Türkiýäniň meşhur kompaniýalarynyň we döwlete degişli däl guramalaryň 100-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy. Forumyň maksady, Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Forumyň çäklerindäki çykyşynda Ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, deňlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini belledi.
Şeýle-de, Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegine we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine goldaw berilýändigi, işewürlik üçin dürli mümkinçilikleriň we amatly şertleriň döredilýändigi bellenildi. Şeýle hem, Ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa we ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň işjeň alnyp barylýandygyny nygtady.
Işewürlik forumynyň dowamynda gatnaşyjylar nebit we gazhimiýa, agrosenagat toplumy, ulag we logistika, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ýaly ulgamlara, Türkiýäniň işewirleri tarapyndan maýa goýumlaryny çekilmegi babatda özara pikir alyşdylar.
Şeýle hem, gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo-rolik görkezildi.
Bulardan başga-da, Afýon-Karahisarda geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýewiň Afýon-Karahisar şäher häkimi Kubra Guran Ýigitbaşy, Sebit senagat zolagynyň ýolbaşçysy Bekir Ýeşilaý, Kojatepe uniwersitetiniň rektory Mehmet Karakaş we Afýon-Karahisar şäherindäki Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nurullah Okumuş bilen duşuşyklary geçirildi.