icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

23 aprel 2025

3062

GDA-nyň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň çäginde «Hakyda göwheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy – GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew we onuň orunbasarlary, şeýle hem Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitaby bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

«Hakyda göwheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Ilçi täze eserde watançylyk, Watan mukaddesligi, şeýle hem dostlugyň, parahatçylygyň we dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini görkezýän taryhy wakalara aýratyn üns berilýändigini belledi. Kitapda türkmen halkynyň özara kömek, myhmansöýerlik, agzybirlik, deňlik we adalat ýaly adamkärçilikli däpleri nygtalýar.

«Hakyda göwheri» atly kitapda türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň dowamlylygyna, medeniýetleriň ählumumy dialogynyň ösmegine goşan goşandyna, şeýle hem oňyn Bitaraplyk syýasaty we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen konstruktiw huzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň häzirki gazananlaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi