icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

24 aprel 2025

1597

Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň baştutany A.Sarjaýew bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy D.Matikaşwiliniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrmagynda we berkidilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň hem-de parlamentara hyzmatdaşlygynyň wajyp ornuny bellediler.

2024-nji ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň, şeýle hem iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda tejribe alyşmaga we ysnyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen parlamentara dostluk toparlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem taraplar iş saparlaryny we duşuşyklaryny gurnamak meselelerine seredip geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň köptaraplaýyn esasda, ýagny halkara guramalarynynyň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki işjeň özara hyzmatdaşlygyny bellediler.

Gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň wekilleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Türkmen tarapy Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwilini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi