2025-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Bişkekde «Durnukly ösüşiň hatyrasyna ählumumy dag dialogy: Bişkek+25 sammitine tarap» atly halkara maslahat geçirilýär.
Foruma Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babaniýazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Ministr Ç.Babaniýazow öz çykyşynda dag ekoulgamlaryny gorap saklamak, biodürlüligi goramak we üýtgeýän howa şertlerine uýgunlaşmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda Uly we Kiçi Balkan dag zolaklarynda täze goraghanalary döretmek başlangyjy bilen birlikde aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny giňeltmek boýunça işleriň netijeli alnyp barylýandygy bellenildi.
Serhetüsti suw hyzmatdaşlygy meselelerine, şeýle hem Özbegistan Respublikasy bilen Köýtendagyň ekoulgam toplumyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak üçin transmilli resminamalary taýýarlamak boýunça bilelikdäki işe aýratyn üns berildi.
Maslahatyň çäginde Ministr Ç.Babaniýazow bilen Gyrgyz Respublikasynyň tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik Ministri M.Maşiýewyň arasynda duşuşyk geçirildi.