icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 iýul 2017

419

Birleşen Arap Emirlikleri Halkara Energetika Hartiýasyna gol çeken 86-njy ýurt bolýar

2017-nji ýylyň 29-njy iýunynda Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Halkara Energetika Hartiýasynyň syýasy deklarasiýasyna gol çeken 86-njy döwlet bolup, özüniň energetika syýasatyny ösdürmekde wajyp ädim etdi. Parižde geçirilen gol çekmek dabarasyna ýokary derejeli wekiller gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika ministri j-p Suhail Al-Mazrueýi, Halkara Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary d-r Urban Rusnagy, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini, Niderlandlaryň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyndaky (YHÖG) Hemişelik wekilhanasyndaky Ilçisini bellemek gerek.

Halkara Energetika Hartiýasyna gol çekmek bilen dünýäniň ýüze golaý ýurdy ýokarda agzalan Deklarasiýasynda beýan edilen ýörelgeleri we energetika çygryndaky halkara hyzmatdaşlygyna dostlukly gatnaşyklary makullamagy öz üstüne borç edindiler. Deklarasiýasynyň ýörelgeleri halkara energetika hyzmatdaşlygynyň esasy çygyrlaryna degişli bolup durýar. Olaryň hatarynda maýa goýumlaryň goragy we höweslendirilmegi, energiýanyň söwdasy we üstaşyr geçirilmegi, energonetijelilik we ekologiýa meseleleriniň talaba laýyk ünsde bolmagy, howplaryň azaldylmagy, şeýle hem dawalaryň ýumşadylmagy we jedelleriň düzgünleşdirilmegi.

         BAE Deklarasiýa gol çeken, Aýlagyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ilkinji ýurdy bolup durýar. BAE YHÖG-niň agzasy bolup durýandygyny, şeýle hem YHÖG-niň beýleki üç agzasy – Nigeriýany, Yragy we Eýrany Halkara Energetika Hartiýasyna gol çeken ýurtlaryň hatarynda bellemek gerek. BAE dünýäde esasy nebiti öndürýän döwletleriň hatarynda bolup, halkara energetika howpsyzlygynda wajyp orun eýeleýär. Bu ýurt energiýanyň gaýtadan işlenilýän çeşmeleriniň çygrynda tagallalary birleşdirmekde we bu pudakda tehnologiýanyň gazananlary boýunça öňdebaryjy orunlarynda durýar. Energiýanyň gaýtadan işlenilýän çeşmeleri boýunça Halkara agentligi Abu-Dabide ýerleşýär.

         Halkara Energetika Hartiýasynyň syýasy deklarasiýasy bazar we özara birek-biregi doldurmak ýörelgelerine esaslanýan gün-saýyn ösýän energiýanyň halkara söwdasyna ýardam bermekde döwletleri ugrukdyrmaga gönükdirilendir. Deklarasiýa energetika howpsuzlygynyň ozalky kesgitlemelerini täzeleýär we indi energiýany öndürýän, ulanýan we üstaşyr geçirýän döwletleriň gyzyklanmalaryny sazlaýar we milli çeşmelerine milli özygtyýarlygyny goldamagy dowam edýär. Deklarasiýa Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygynyň işini, hukugyň hökümdarlygyny we dünýäniň milli döwletleriniň arasynda energetika hyzmatdaşlygy çygrynda deň şertlerini göz öňünde tutýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi