2025-nji ýylyň 25-26-nji aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherinde boldy.
Duşuşygyň gün tertibine syýahatçylyk pudagynda YHG-na agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri döwlet tarapyndan goraglylygyna aýratyn üns berilýän amatly ekologiýa we baý ruhy-medeni mirasa bilen täsin tebigy mümkinçilikler ýaly esasy çeşmelere eýe bolan Türkmenistan tarapyndan syýahatçylyk pudagyna strategiki ähmiýet berilýändigini belledi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid, Eýran Yslam Respublikasynyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Seýed Reza Salehi Amiri we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda syýahatçylyk pudagyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.