icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

29 aprel 2025

2736

Bakuda Türkmenistanyň wekiliýeti “Almaty prosesiniň” III ministrler maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti aprel aýynyň üçünji ongünlüginde Baku şäherinde geçirilen “Almaty prosesiniň” III ministrler maslahatyna gatnaşdy.

Çärä “Almaty prosesiniň” gatnaşyjy döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň resmi wekiliýetleri, synçy döwletleriň – Eýran, Italiýanyň we Pakistanyň wekilleri, şeýle hem Türki döwletler guramasynyň wekilleri, Halkara migrasiýa guramasynyň we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, migrasiýa meselelerini dolandyrmakda iň gowy tejribeleri alyşmak we maglumat alyşmak bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar sebitdäki migrasiýa we bosgunlary goramak boýunça hyzmatdaşlygy has hem giňeltmek barada ylalaşdylar hem-de milli we sebit derejesinde okuw we maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Maslahatyň jemleýji bölüminde “Almaty prosesinde” Azerbaýjan Respublikasynyň iki ýyllyk başlyklyk etmeginiň netijeleri boýunça “Baku Jarnamasy” kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi