icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

05 maý 2025

1467

Stambul şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Medipol Uniwersitetiniň binasynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygynyň (Stambul ş.) we türkmen talyp ýaşlary bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýörite baýramçylyk sergi-tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Çäräniň çäklerinde Medipol uniwersitetinde okaýan talyplaryň we akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen medeniýetine bagyşlanan dabaraly konsert guraldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň sergi meýdançasynda baýramçylyk sergi-çäresine gatnaşan birnäçe daşary ýurtly myhmanlara, talyp ýaşlara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky esasy üstünlikleri, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän möhüm başlangyçlary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreler bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi