icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 maý 2025

1944

Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre gurnady

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäre geçirildi.

Çärä Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, Aktau şäherinde ýerleşýän  Ş.Ýesenow adyndaky Hazar tehnologiýalar we inženerçilik döwlet uniwersitetinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň işjeň daşary syýasy ugrunyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýandygy barada belledi. Şeýle-de ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamalaryň wajyplygyny nygtady.

Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi ösdürmäge, dostlukly, ynanyşykly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny öňe sürmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygy barada aýdyldy.

Çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň el işleri, şaý-sepleri we dokma önümleri şekillendirilen surat eserleriniň sergisi gurnaldy hem-de dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny wasp edýän wideoşekiller görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi