icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

26 maý 2025

1976

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul dostluk festiwalynyň çäklerindäki sergä gatnaşdy

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen Seul dostluk festiwalyna hem gatnaşdy.

Ilçihana tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi pawilýonynda türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli egin-eşikler, Türkmenistana bagyşlanan kitaplar we žurnallar, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň eserleri görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary sergi diwarlygynda aýratyn orna mynasyp boldy we festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle-de Seul dostluk festiwalynyň dowamynda oňa gatnaşanlar Ilçihana tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan oňyn we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we diplomatiýasy, durmuş-ykdysady ulgamynda gazanan üstünlikleri hem-de medeni-ynsanperwer ugry boýunça amala aşyrýan netijeli syýasaty, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler bilen tanyş edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi