icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

29 maý 2025

643

Ankara şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli medeni çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň aýdym-saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi.

Konsertiň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplary folklor-döredijilik sahnalary, aýdymlar we tanslar bilen çykyş etdiler.

Şeýle hem çäräniň dowamynda türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan nepis türkmen halylaryndan, dürli haly önümlerinden, milli şaý-seplerden, milli lybaslardan, saz gurallaryndan we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen sergi gurnaldy.

Çäräniň ahyrynda, asylly däbe görä, ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi