icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

29 maý 2025

1431

Türkmenistanyň wekili “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Daşkent şäherinde “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli forum geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi, “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan guralan çäre Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy.

Forumuň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezow öz çykyşynda Türkmenistanyň çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň hukuklaryny üpjün etmäge hem-de ösüp gelýän ýaş nesiller üçin howpsuz we abadan jemgyýeti döretmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigi bellenilip geçildi, hususan-da, ÝUNISEF bilen gatnaşyklaryň çäklerinde gazanylan üstünliklere üns çekildi.

Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tejribe alyşdylar, çagalara gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini, şeýle hem bu ugurdaky sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi