icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

29 maý 2025

665

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine agza ýurtlaryň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Maksat Hudaýkulyýew, şeýle-de, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli hünärmenleri, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar gurama agza ýurtlaryň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şol sanda sebitleýin söwdanyň dolanşygyny ýeňilleşdirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynyň dowamynda Gümrük ulgamynda sebit ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.

Mejlise gatnaşyjylar onda gazanylan ylalaşyklaryň sebitara arabaglanyşygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we halkara ýükleriniň geçişinde ösüşleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Mundan başga-da, iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi