2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini we welosipedli ýörişleri guradylar.
2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Daşkent şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä Özbegistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mundan başgada, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Daşkent şäherinde ýerleşýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekillerinden ybarat bolan toparlaryň gatnaşmagynda dostlukly futbol ýaryşy guraldy.
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurady.
Çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Saud Arabystany Patyşalygynda hemişelik ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýetginjekler we çagalar üçin gysga aralykda, beýleki gatnaşyjylar üçin uzak aralykda welosipedli ýörişler geçirildi.
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çärelerini geçirdi.
Sport çärelerine diplomatik wekilhananyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýodasynyň ugrunda geçirildi.
Şol bir gün Tiblisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň guramagynda welosipedli ýöriş guraldy.
Welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Ýörişiň ugry Tbilisi şäheriniň köçelerinden, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty Mtsheta şäheriniň merkezinden ybarat boldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy Aziýada hyzmatdaşlyk we ynanyşmak çäreleri boýunça geňeşiň sekretarityny we BMG-niň Gazagystandaky wekilhanasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped gününi bellediler. Welosipedli ýörişe döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, Gazagystan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 40 km uzynlygyndaky welosipedli ýöriş Astananyň “Ýaşyl guşak” ekologiýa zolagynda geçirildi.
Minsk şäherinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Belarus döwlet bedenterbiýe uniwersitetiniň administrasiýasy bilen bilelikde welosipedli ýörişe gurnady. Çärä Belarus döwlet bedenterbiýe uniwersitetiniň talyplary, Belarus Respublikasynyň Milli welosiped toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri we Belarus Respublikasynyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň we Maşat şäheriniň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi.
Çärelere gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Bütindünýä welosiped gününi bellemek barada Rezolýusiýasynyň kabul etmeginiň dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, welosiped sürmegi wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtadylar.