icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 iýun 2025

1687

Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Konsullygy (Maýn boýundaky Frankfurt ş.) Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi.

Çärä diplomatlar, işewürler toparynyň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda konsul M.Ozbekbaýew çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Medeni çärede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly filosofiki eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşyjylar bu neşirlere ýokary baha berip, olaryň Türkmenistanyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň halkara derejesinde wagyz edilmegindäki ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerini öz içine alýan kitap sergisi guraldy.

Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi