icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

13 iýun 2025

877

Türkmenistanyň Ilçihanasynda Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumunyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde guramagynda agzalan konsorsiumyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie's Manufacturing Sdn. Bhd», «Mega Fortris Berhad», «i-Chem Solution Sdn Bhd» ýaly Malaýziýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyk söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge hem-de täze ugurlary we mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirildi.

Duşuşygyň dowamynda Malaýziýa kompaniýalary öz işleri we önümleri barada maglumat berdiler we türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de Türkmenistanyň içerki bazaryna girmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ilçi M.Maşalow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi