icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

19 iýun 2025

1900

Baku şäherinde “Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly simpozium geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly simpozium geçirildi.

Simpoziuma Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Şarifow, Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň başlygy F.Şafiýew, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Ilçisi G.Elýasow, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň deputaty we Türkmen-Azerbaýjan Parlamentara dostluk toparynyň azerbaýjan böleginiň ýolbaşçysy T.Rustamhanly, şeýle hem ýerli deputatlar, bilermenler we habarçylar gatnaşdylar.

Çykyş edenler dünýädäki häzirki geosyýasy çylşyrymly ýagdaýda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy, şeýle hem durnuklylygy berkitmekdäki ornuny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara diplomatiýasyny alyp barmak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi