icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

27 iýun 2025

1625

Türkmenistanyň wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilen BMG-niň Döwlet gullugy meseleleri boýunça halkara forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 23-25-i aralygynda Samarkant şäherinde BMG-niň Döwlet gullugy meseleleri boýunça halkara forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Forum netijeli, aç-açan we durnukly döwlet gullugyny ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we akademiki toparlaryň wekillerini ýygnady.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory forumyň bölümçeleriniň birinde çykyş emek bilen, Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleri, milli tejribesi, döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda, döwlet gullugynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, şeýle hem döwlet gullukçylarynyň etiki hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak barada geçirilýän işler boýunça milli tejribe barada gürrüň berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi