icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

27 iýun 2025

953

Ankara şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy guraldy.

Gül goýmak dabarasyna halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, meşhur edebiýatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew öz çykyşynda beýik türkmen şahyry we akyldarynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň ösmegindäki aýratyn ornuny belledi. Şeýle hem, Ilçi gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň özygtyýarly döwletde türkmen halkynyň erkin we bagtly durmuşy baradaky arzuwlary şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde hakykata öwrüldi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi