icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

10 iýul 2025

2773

Ploeştide Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna Türkmenistanyň Ilçihanasy gatnaşdy

2025-nji ýylyň 9-njy iýulynda Ploeşti şäheriniň Medeniýet merkezinde Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkmenistanyň, Bangladeşiň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Malaýziýanyň, Şri-Lankanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Filippinleriň Rumyniýadaky Ilçihanalarynyň gatnaşmagynda Aziýanyň medeniýetiniň festiwaly geçirildi.

Çärä ýerli häkimiýetleriň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, Prahowanyň ýaşaýjylary we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynyň çäginde öz çykyşlarynda Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Aurelian Gogulesku we gatnaşyjylar medeni dialogyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem medeni mirasynyň baýlygyny we etnik köpdürlüligini görkezýän Aziýa ýurtlarynyň milli eşikleriniň görkezilişi geçirildi.

Festiwalyň dowamynda Ilçiler bilen Prahowanyň administrasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirilip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Medeni sergide türkmen tarapy däp bolan egin-eşikleri, senetçilik sungatynyň nusgalaryny, halylary, saz gurallaryny, Magtymguly Pyragynyň eserlerini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny hödürledi.

Çäräniň jemleýji tapgyry gatnaşyjy ýurtlaryň aşpezlik däpleri bilen tanyşlyk bilen tamamlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi