icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

16 iýul 2025

2905

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi: türkmen talyplary we mugallymlary Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde tejribelik geçýärler

Kluj-Napoka Tehniki uniwersiteti (TUCN) bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň arasyndaky ylmy-akademiki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygynyň hem-de Erasmus+ maksatnamasynyň esasynda, 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 21-nji iýuly aralygynda Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde türkmen tarapynyň wekilleri üçin tomusky tejribelik maksatnamasy geçirilýär.

Maksatnama Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 14 talyby we 2 mugallymy gatnaşýar. Amaly sapaklar we ylmy-bilim çäreleri uniwersitetiň ýöriteleşdirilen fakultetleriniň laboratoriýalarynda guramaçylykly geçirilýär.

Gatnaşyjylaryň hünär ugry bilen baglanyşykly Kluj-Napoka şäherindäki we töweregindäki öňdebaryjy kärhanalara okuw saparlarynyň guralmagy tejribeligiň esasy bölegini düzýär. Agzalanlar türkmen talyplaryna we mugallymlaryna gymmatly amaly tejribe gazanmaga, häzirki zaman tehnologiýalary we iş usullary bilen tanyşmaga hem-de hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Şuňa meňzeş maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara akademiki alyş-çalyşygy ösdürmäge möhüm goşant bolup, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär hem-de telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ugury boýunça hünärmen taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi