icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

28 awgust 2025

1330

Yslamabatda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça tegelek stol maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) Ilçihanasynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Pakistandaky Ilçileri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň öňünde duran wajyp meseleleri çözmekde bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, BMG-niň howandarlygynda geçirilen maslahatyň netijelerine ýokary baha berdiler. Olar ulag we energetika kommunikasiýalarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň hem-de sebitde infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşykda sebit integrasiýasyny pugtalandyrylmagy, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň çözgütleriniň netijeli durmuşa geçirilmeginiň diňe üstaşyr döwletler we halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň şertlerinde mümkin boljakdygy bellendi.

Tegelek stol duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini ilerletmek we BMG-niň maslahatynyň netijelerini sebitiň çäginde anyk amala aşyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi