icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

16 sentýabr 2025

2533

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energitika Dialogyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energitika Dialogy geçirildi.

Agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşmagynda geçirildi.

Çäräniň dowamynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň çäklerinde energitika babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýangyç-energetika pudagynda uglerod bitaraplygyny, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Dialoga gatnaşyjylar sebitde uglerod bitaraplygyny gazanmak maksady bilen, täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary işläp düzmek, olary goldamak we bu babatda sebit ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi