icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

07 oktýabr 2025

1288

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny (STS)» atly forumynyň 22-nji maslahatynyň işine gatnaşdy.

Maslahatyň işi resmi açylyş dabarasyndan, giriş çykyşlaryndan, plenar mejlisden we mowzuklaýyn sessiýalardan ybarat boldy.

STS forumynyň resmi açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşdy.  

Agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ylym, tehnologiýa, innowasiýa we bilim ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen meseleler boýunça duşuşyklary we söhbetdeşlikleri geçirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi