icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

17 oktýabr 2025

1277

Astanada geçirilen halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 15–16-njy oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «Polýarlykdan hyzmatdaşlyga: halkara ulgamyna bolan ynamy dikeltmek» şygary bilen Astana Think Tank Forum 2025 atly halkara forumy geçirildi. Foruma hökümet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, we Gazagystan Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekillerini gatnaşyp, häzirki döwürde dünýä syýasatynyň möhüm wehimleri, şeýle hem ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlary boýunça giň gerimli pikir alyşdylar.

Forumyň çäginde «Merkezi Aziýa howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk forumy — dünýä howpsuzlygynyň çylşyrymly gurluşyndaky Merkezi Aziýanyň wezipesi: kynçylyklar we mümkinçilikler» atly ýörite geçirilen sessiýada “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mowzugyna bagyşlap Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow çykyş etdi.

Sessiýanyň dowamynda Merkezi Aziýada durnuklylygy we asudalygy üpjün etmekde bitaraplygyň ornyna aýratyn üns berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitiň hem-de dünýäniň umumy parahatçylykly ösüşinde möhüm ornunyň barlygy nygtaldy. Bitaraplygyň türkmen nusgasy halkara jemgyýetçiligi hususan-da Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilip, parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň iň möhüm netijeleriniň biridir. Merkeziň parahatçylyk başlangyçlaryny ilerletmekde işjeň orny çäre gatnaşyjylarynyň arasynda oňyn seslenme boldy.

Türkmenistanyň energetika, ulag we ekologiýa howpsuzlygyny ilerletmekde ähmiýeti, şeýle hem ýurduň Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günorta arasynda strategik “köpri” hökmünde eýeleýän orny forumyň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde boldy.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň ýurduň daşary syýasatynyň özboluşly nusgasy we parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň täsirli guralydygyny belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi