icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

18 oktýabr 2025

1791

Ženewada Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň «Geneva Center for Neutrality» (GCN) hem-de «Greater Caspian Association» (GCA) bilen bilelikde gurnamagynda halkara forum geçirildi.

Çärä 300-den gowrak gatnaşyjy — diplomatlar, syýasatçylar, halkara guramalaryň wekilleri, Ženewada akkreditirlenen wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, KHBS, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Forum häzirki zamanyň ählumumy wehimleriniň şertlerinde strategiki çemeleşme hökmünde bitaraplygy ara alyp maslahatlaşmak üçin giň gerimli meýdança öwrüldi.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumyň esasy çykyş edijisi boldy.

Forumyň maksatnamasy «Häzirki dünýäde bitaraplyk – durnuklylygy we ynanyşmagy üpjün etmek  boýunça diplomatik çemeleşmeler», «Bitaraplygyň ykdysady ölçegi – onuň maýa goýum gurşawyny döretmekdäki orny», «Bitaraplyk we tehnologiýalar – emeli aňy düzgünleşdirmek we sanly howpsuzlyk» atly üç sany sessiýadan ybarat boldy.

Çärä gatnaşanlar bitaraplygyň XXI asyrda durnukly ösüşiň, halkara dialogyň we ynanyşmagyň möhüm guralyna öwrülýändigini nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi