icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 sentýabr 2017

472

Senagat boýunça geňeşçi topar gaýtadan dikeldilen energiýa çeşmelerine töwekgelçilikli maýa goýumlary ara alyp maslahatlaşýar

2017-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda, penşenbe güni Energetika Hartiýasynyň senagat boýunça geňeşçi topar WindEurope kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Energetika Hartiýasynyň Brýusselde ýerleşýän Sekretariatynda özüniň 40-njy mejlisini geçirdi. Maslahata köpsanly agzalar we energetika boýunça bilermenler gatnaşdylar.

Geňeşçi toparyň ýolbaşçysy jenap Howard Çeýz şu ýylda öňki geçirilen  mejlislere garap geçmek üçin sessiýany açdy we Energetika Hartiýasy Ylalaşygyna gatnaşyjylaryň we ony netijeli  ýerine ýetirmek üçin aýratyn senagatyň arasyndaky özara hereketi berkitmek üçin toparyň maksadyny gaýtalady.

Assosiasiýa barada gysgajyk tanyşlyk we bütin Ýewropada ýeliň energiýasynyň ulanylyşyna umumy syn bermek bilen giriş çykyşy WindEurope kompaniýasynyň esasy ýerine ýetiriji direktory jenap Jils Dikson tarapyndan edildi,  soňra Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak çykyş etdi.   

Geňeşçi topar WindEurope we  Vychodoslovenska Energetika Holding kompaniýalarynyň täze agzalaryny gutlady.

Topar aýratynlykda maýa goýumlary we olaryň  goragyny we gaýtadan dikeldilen energiýa çeşmeleriniň dawalarynyň  çözgütlerini maslahatlaşdy. Birinji mejlisde durmuşa ukyply işewür-nusgalaryň üpjün edilişi we ýel energetikasy ulgamynda girdejileriň akymlary hakynda maksatlar goýuldy. Ikinji mejlisde Energetika Hartiýasy Ylalaşygyna gabat gelýän maýa goýumlaryň goragynyň standartlarynyň kämilleşdirilme mümkinçilikleri we onuň gaýtadan dikeldilen energetika ulgamyna täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu prezentasiýada maýa goýum çözgütleriniň kabul edilmegine täsir edýän sebäpler, maýa goýum goraglylygynyň zerurlygy we energetika ulgamynda dawalaryň çözülişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňky mejlisde energetika ulgamyndaky jedelleriň parahatçylykly ýollar bilen çözülmekliginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Bu sessiýa üç sany anyk ugurlara bölündi: enegetika ulgamynda jedellere ýol bermezlik we çözgütleri; düşünişmezlikleri dolandyrmak we gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmaklygy; we nähili ýollar bilen gaýtadan dikeldilen çeşmelerini ylalaşdyrmaklyklyk üçin ulanyp boljakdygy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi