icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 sentýabr 2017

460

Ýerine ýetirmek boýunça topar energetika ulgamynda maýa goýum we tranzit üçin gurallary herekete getirýär

2017-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Energetika Hartiýasynyň ýerine ýetirmek boýunça topary Energetika Hartiýasynyň Brýusselde ýerleşýän Sekretariatynda özüniň dördünji mejlisini geçirdi. Mejlis jenap Sergeý Katyşewiň (Gazagystan) ýolbaşçylygynda geçirildi. Ýerine ýetirmek boýunça topar 2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Türkmenistanda geçiriljek Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda kabul ediljek Aşgabat Jarnamasy üçin käbir maglumatlary toplady.

Wekiller Energetika gorlarynyň üstaşyr geçirmek hakyndaky kuwwatly Köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşygyň geňeşmeleriň işine ýardam berýän   öňdebaryjy tejribäni maslahatlaşdylar. Soňra maýa goýum meseleleri boýunça Sekretariat özüniň “Energetika maýa goýujylaryň bahasy” atly çap edilen işini we syýasy ýolbaşçylyk barada, energetiki maýa goýumlary döretmek üçin  hukuklaryň kemsidilmegini  we iş ýüzündäki päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin işini hödürledi.  

 Galyberse-de, wekiller Energetika Hartiýasy bilen ylalaşyga gabat gelýän özbaşdak işlenilen  jemgyýetçilik araçy çözgütleriň jemlerini toplamak işiniň netijelerine garadylar we Energetika Hartiýasynyň  Ylalaşygyny geljekde kämilleşdirmekligiň gerek boljakdygyna degişli meseleler boýunça maslahat edip başladylar. Ýerine ýetirmek boýunça toparyň indiki mejlisi 2017-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda geçiriler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi