icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

14 noýabr 2025

1099

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentleriniň, halkara guramalaryň hem-de raýat jemgyýeti institutlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny berkitmek babatynda alnyp barylýan netijeli işleriň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi boýunça yzygiderli işleriň geçirilýändigi barada bellediler. Şunuň bilen baglylykda

Şu nukdaýnazardan, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde gatnaşygyny giňeltmäge, şeýle hem gender deňligini ilerletmäge gönükdirilen Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi