icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

15 noýabr 2025

1091

Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabatda geçirilen “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy B.Karaýew Pakistanyň Yslamabat Syýasy barlaglar instituty (IPRI) tarapyndan guralan “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy.

B.Karaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy görkezijileri barada gürrüň berip, ýurduň oňyn bitaraplyk syýasatyna we açyk halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady.

Ol Türkmenistanyň sebitiň ykdysady, energetika we ulag arabaglanyşygyny berkitmekdäki ähmiýetini bellemek bilen, ýurduň ygtybarly hyzmatdaş we iri halkara taslamalaryň başyny tutujy hökmünde ýokarlanýan ornunyny nygtady.

Şeýle hem, B.Karaýew türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşine ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi we bu onuň strategic häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga, özara söwdany ösdürmäge we sebitleýin integrasiýasyny giňeltmäge gönükdirilen TOPH, TOP we beýleki sebitleýin başlangyçlary ilerletmekde gazanylan sepgitler barada nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi