icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

24 noýabr 2025

932

Atçylyk ulgamynda Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi M.Ayazow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdulaziz adyndaky Arap atlary Merkeziniň Baş direktory Abdulaziz Almukbiliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda A.Almukbil Merkeziň alyp barýan işi we bu Merkez tarapyndan geçirilýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ilçi M.Aýazow duşuşygyň barşynda ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek boýunça öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek baradaky meselelere uly üns berilýändigi barada mälim etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomaty bu merkez bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky meseleleriň ýollary barada pikir alyşdy.

Ilçi M.Aýazow Merkeziň muzeýi, arap atlaryny hasaba alyş bölüminiň işi, şeýle-de bejeriş-anyklaýyş bölüminiň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi