icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

26 noýabr 2025

2430

UNIDO-nyň senagat boýunça Baş maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministri Toýguly Nurow 2025-nji ýylyň 23-27-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş maslahatynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Senagat we gurluşyk ministri Ýersaýyn Nagaspaýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda senagat hyzmatdaşlygyny, esasan hem, metallurgiýa, maşyn gurluşygy we gurluşyk serişdeleri önümçiliginde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine üns çekildi. Taraplar Türkmenistanda we Gazagystanda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň eksportyny we importyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

T.Nurow Türkmenistanda hereket edýän sement zawodlarynyň ýokary hilli sement önümleriniň birnäçe görnüşini öndürýändigini belläp, bu önümiň eksport mümkinçilikleriniň bardygyny mälim etdi. Ministr «Türkmen aýna önümleri» zawodynyň işi barada hem gürrüň berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi