icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

24 ýanwar 2026

91

Ankaranyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Ankara Söwda-senagat edarasyň Başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler, hususan-da, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem azyk senagaty ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Türkiýäniň kiçi we orta telekeçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça, şol sanda telekeçileriň sergilere we dürli forumlara gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem özara bähbitli maýa goýumlaryny çekmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi