icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

24 ýanwar 2026

70

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara ugry boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunlukda, birek-birege ynamy berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam berýän ýokary derejeli saparlaryň we parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň ornuny  aýratyn beläp geçdiler.

Netijeli we durnukly döwletara dialogy ilerletmegiň möhüm guraly bolup durýan parlamentara dostluk toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny hem-de gyzyklanmalaryny bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi