

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň we diaspora wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň şygary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany», şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew çäräni açyp, öz çykyşynda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň diňe bir ýubileý senesi bolman, eýsem, ýurduň geçen ýoluna, gazanylan netijelere we geljekki ösüşiň strategik maksatlaryna çuňňur baha bermek üçin möhüm tapgyrdygyny nygtady.
Çärede 2026-njy ýylyň şygarynyň Garaşsyzlygyň şanly ýubileýi bilen baglanyşykly dabaralandyrylmagynyň Türkmenistanyň taryhy däpleri bilen häzirki zaman ösüşiniň sazlaşygyny aýdyň görkezýändigi, ahalteke ganatly bedewleriň keşbiniň bolsa ýurduň täze üstünliklere, ösüşe we abadançylyga tarap ynamly öňe hereketiniň aýdyň nyşany bolup durýandygy bellenildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Ilçi T.Ataýew öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu kitabynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esaslaryny, hemişelik bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini we häzirki döwrüň ählumumy kynçylykly şertlerinde üstünlikli durmuşa geçirilmegini çuňňur syýasy-pelsepewi nukdaýnazardan açyp görkezýän gymmatly eserdigini nygtady.
Çäräniň dowamynda Ilçihananyň diplomaty hem çykyş edip, kitapda beýan edilen esasy düşünjeleri, onuň Türkmenistanyň häzirki ösüş ýolunyň ähmiýetini, şeýle-de ýaşlaryň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan strategik wezipeleri durmuşa geçirmekdäki roluny giňden beýan etdi.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň dürli ugurlardaky gazananlary, ýurduň yzygiderli ösüşi, bitaraplyk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygy, innowasiýalara ymtylyşy, medeni mirasyň goralmagy we ösdürilmegi barada wideoşekil görkezildi.
Çäräniň dowamynda dutarda milli sazlaryň ýerine ýetirilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, Bitaraplygyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.