icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

06 fewral 2026

82

Stambulda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Stambulyň Medipol uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Ö.Jumanazarow, uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Ganatly bedewleriň ýurduň depginli ösüşini, belent maksatlaryny we geljege bolan uly ymtylmasyny alamatlandyrýandygy nygtaldy.

Medipol uniwersitetiniň wekilleri öz çykyşlarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we durnukly ösüşini belläp, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen diplomatlary Medipol uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda okuw, ýaşlaryň jemgyýetçilik-medeni durmuşa gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi