

2026-njy ýylyň 9-nji fewralynda Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) M.Maşalow bu ýurduň DIM-niň Protokol departamentiniň başlygy Çakkrid Kraçaýwong bilen duşuşdy we ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy.
Tailand tarapy Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşykda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Aşgabat bilen Bangkokyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.