icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

12 fewral 2026

230

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Türkmen-ýapon ylmy- tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koýnuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda degişli işleri alyp barmagy meýilleşdirýän «Tohkemy Corporation» ýapon kompaniýasynyň mümkinçilikleri, tehnologik teklipleri barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda ýerasty baýlyklary gözlemekde kwant duýujylygyny ulanýan ýokary takyklykly anyklaýyş tehnologik enjamlary öndürmäge, suwuklandyrylan gaz babatda kömürturşy gazyny bölüp aýyrmak tehnologiýa ýöriteleşen «Sustec», «Carbon Cryo Capture Co., Ltd» ýapon kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi