icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img
img
img

13 fewral 2026

131

Daşkent şäherinde ýylyň şygary mynasybetli çäre we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan çäre hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň deputaty, Respublikanyň türkmen medeniýeti merkeziniň ýolbaşçysy, türkmen diasporasynyň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow 2026-njy ýylyň şygarynyň 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň logiki dowamy bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem, häzirki şygaryň mazmunynyň türkmen halkynyň öz ruhy we medeni gymmatlyklaryna taryhy taýdan ygrarlylygy hem-de häzirki zaman ählumumy ýagdaýlary bilen şertlendirilýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi. Bu başlangyç ýurduň halkara hukugynyň ýörelgelerine we hukugyň hökmürowanlygyna ygrarlydygyny görkezýär.

Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby tanyşdyryldy, şeýle hem onuň konseptual we amaly mazmuny beýan edildi. Neşiriň bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryny, onuň sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmäge goşýan goşandyny açyp görkezýändigi nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi